«Bagtyýarlyk» skripkaçylar ansamblynyň repertuarynda bagtyýarlyk mukamlary
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» skripkaçylar ansamblynyň döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, ol eýýäm uly meşhurlyga eýe. Onuň düzüminde 9 ýaşdan 16 ýaşa çenli okuwçylaryň 40-dan gowragy girýär. Topar ýolbaşçysy Suraý Sardarýanyň we konsertmeýster Dilarom Şamsiýewanyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ansamblyň agzalary saz sungatyň syrlaryny tutanýerlilik bilen ele alýarlar.
Ansamblda saz sungatyny söýýän çagalaryň jemlenmegi, olara ussat hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmegi onuň üstünlikleriniň gönezligi bolup durýar. Olaryň bilelikde çekýän zähmeti bolsa özüniň oňyn netijeleri hem berýär. 2012-nji ýylda döredilen ansamblyň eýýäm 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy munuň şeýlediginiň subutnamalarynyň biridir. Skripkaçylar ansamblynyň «Merjen däne» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda hem üstünlikli çykyş edendigini hem bellemek gerek.
«Bagtyýarlyk» skripkaçylar ansambly diňe bir bäsleşiklere, mekdepde geçirilýän çärelere gatnaşmak bilen çäklenmeýär. Onuň agzalary Türkmenabat şäherinde, welaýatyň beýleki ýerlerinde geçirilýän köpçülikleýin çärelere höwes bilen gatnaşýarlar we türkmen hem-de daşary ýurtly kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirmek bilen, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlaýarlar. Olar geçen ýyl biziň welaýatymyzda geçirilen medeniýet hepdeliginiň gidip duran günleri Farap etrabynda çagalar seýilgähiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdylar we baýramçylyk dabarasyny saz bilen bezemäge goşantlaryny goşdular.
Ansamblyň agzalary ýeten sepgitleri bilen çäklenmän, özleriniň üstlerine işlemeklerini we kämilleşmeklerini dowam etdirýärler. 2022-nji ýylda Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň skripkaçylar ansambllarynyň arasynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ady bilen geçirilen bäsleşikde birinji orna mynasyp bolmagy bolsa olara öňde goýan wezipelerini amala aşyrmagyň başardýandygyndan habar berýär. Olar şonda Karl Jenkins «Palladio» eserini akkapella görnüşde ýerine ýetiripdiler. Şonuň ýaly-da, saz baýramyna öwrülen bu bäsleşikde Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmi üçin ýazan «Derýanyň kenarynda», Wittorio Monti «Çardaş» eserlerini hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şonda eserleri ansambl bilen bilelikde solo skripkada zehinli, geljegine umyt bildirilýän Mähriban Hojanazarowanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirendigini hem aýratyn bellemek gerek.
Bu eserleriň özüniň tehniki kynlygy, köp sesliligi, uly göwrümlili we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýandygyny göz öňünde tutsak, ýaş skripkaçylaryň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyna göz ýetireris.
Skripkaçylar,olaryň ýolbaşçylary hemişe döredijilik gözleginde, repertuarlaryny ýerine ýetirilýän eserler bilen baýlaşdyrmagyň üstünde işleýärler. Olar özleriniň konsert maksatnamasyna N.Hojamuhammedowiň «Watanym», R.Nepesowyň «Fantaziýa», «Skerso». J.Reýimowanyň «Bagtyýarlyk owazy», «Watanym», G.Dinukunyp «Rumyn tansy», W.Sturestepiň «Latyş polkasy», T.Suhangulyýewiň «Watanym» ýaly eserlerini, «Durdy bagşy» türkmen halk sazyny girizdiler. Nesip bolsa, tiz wagtdan olar «Bagtyýarlyk» skripkaçylar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanarlar.
Jeren Rajapowa,
Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň «Kirişli saz gurallary» bölüminiň müdiri.