BIZE YAZYARLAR

Täze aýdym ― ýaşlara ganat

Halkara zenanlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy döredendigi baradaky hoş habary eşidip, aýdym-saz sungatynyň wekili we ajaýyp döwrümiziň bagtyýar zenany hökmünde uly şatlyk bilen kabul etdik. Täze aýdym baharyň ilkinji günlerindäki baýramçylykda iň ajaýyp sowgadymyz boldy.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilen täze aýdym türkmen ýaşlarynyň belent bagtyna, öňe uzaýan maksatlaryna bagyşlanan. Hut, şonuň üçin hem ol ýaşlygyň dünýäsine mahsus joşgun bilen ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze sungat eseri her bir ene-atanyň arzuwynyň amala aşýan pursatlarynyň waspyny ýetirdi.

Täze aýdym Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen «Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar!» atly baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Täze şygryýet eseri göwün joşduryjy hoş owazly aýdym bolup ýaňlandy hem-de ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Baýramçylyk şatlygyny artdyran täze aýdym dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden aýdymynda şeýle setirler bar:

Köňül kendim, ömre bendim,
Diňlegin sözlem!
Bagt diýen zat damja bolsa,
Ýaz ýagşa eziliň!
Söýgi besläp ýüreklerde,
Taryha ýazylyň!
Şirin sazym perdelerden saýladym saňa!

Seň dünýä inen günüň
Şol gün şeýle begendim.
Durman aý-günler aýlanýar,
Bu gün bagt toýuň!

Goý, adyňyz müň ýyllyk
Ýazsyn ýyldyzlar düzülip.
Tutup ellemde, şatlansam,
Götersem çowluk.

Belent sakla abraýyň,
Mähriban oglum!
Ädim-ädim durmuş ýola
Uzaýar ýoluň.

Mähir nurun saçsyn ýola,
Seň söýen gülüň.
Ýürek sözlem bir beýanyn
Sözledim saňa.

Bu aýdym mundan beýläk durmuşymyzyň we toýlarymyzyň bezegine öwrüler. Ýene bir ajaýyp eseri üçin ýurdumyzyň ähli sungat wekilleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys.

Sülgün HEMRAÝEWA,

Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň saz nazaryýeti mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: