Ynha, şatlyk, şowhun geldi, bagt paýlap ülkämize,
Ajap güne garaşmagmyz täsin biziň hemmämize,
Täze ýylyň şowhunyna ähli kalplar sesin goşup,
Hyjuw bilen öňe barýar, buýsanç bilen ýürek joşup!
Täze ýylda doly bolsun, bereketli saçagymyz,
Saglyk bolsun, döwlet gelsin, rysgal dolsun, ojagymyz,
Her bir öýde şat ýaňlansyn, çagajyklaň gülki sesi,
Perzent bilen dolduralyň, ýyly mährem gujagymyz!
Bir-birege süýji sözläp, aýdyşalyň, gutlag sözler,
Gadyr-gymmata nurlansyn, mähir-muhabbetli ýüzler,
Undup ähli kineleri, şatlandyryp göwünleri,
Hormat-sylag bilen baksyn, bir birege mährem ýüzler!
Täze ýylyň her bir güni şatlyk bolsun, toýluk bolsun,
Gazançlarmyz toýa sowlup, ähli zatlar gowluk bolsun,
Bäbekhanaň her pursady “Gözüň aýdyň!”, “Buşluk!” bolup,
Mama-babaň gujagynda agtyk bolsun, çowluk bolsun!
Gelin gelip her ojaga gaýynlaryň şady bolsun!
Sallançaklarmyz üwrelsin, gowşamaýan bady bolsun!
Täze ýylyň bar şatlygy, hem şowhuny, nur ýalkymy,
Aýaz babaň sowgadynda her çaganyň ady bolsun!
Dünýägözel ROZYÝEWA
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi
