YKDYSADYÝET

Köneürgençde ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler alnyp barylýar  

«Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri üstümizdäki ýylyň iki aýynda hojalygara suw akabalarynyň 20, içki suw akabalarynyň 8,5, içki zeý suw akabalarynyň 7 kilometrinde durkuny täzelemek, çuňaltmak, gyrmançalardan arassalamak işlerini geçirdiler. 

Olaryň bu alyp barýan işleri ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu işler etrabyň «Maslahat», «Täzeýap» daýhan birleşiklerinde dowam edýär.

Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: