JEMGYÝET

«Bagtyýarlyk» merkezinde çagalaryň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirdi.

Şeýle hem geňeş bu ýerde welaýat Ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň konsertini gurady. Myhmanlara goşulyp, çagalar hem aýdyp aýdyp, tans etdiler.

Dabaradan soň bu ýerde geçirilen şaşka ýaryşynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde birinji tapgyrdaky dynç alyş 2-nji iýunda başlandy. Ol 20 gün dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: