JEMGYÝET

Halaçly çagalar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny gowy bilýändigini görkezdiler

Halaç etrap bilim bölümi tarapyndan çagalar baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň arasynda gyzykly bäsleşik geçirildi.

Welaýat neşiri bu bäsleşigiň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanandygyny habar berýär. Bäsleşikde çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleri çeper okaýyş, aýdym aýtmak, tanslary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Şeýle hem etrap bilim bölümi bu bäsleşige gatnaşýan çagalaryň «Idris baba medresesi» taryhy ýadygärligine baryp görmegini gurady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: