Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde okuw maksatnamasyna girýän dersler boýunça bäsleşikler geçirildi. Olara 6 — 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.
Şeýle bäsleşikler mekdeplerde ökdeleriň arasynda ökdeleri saýlap almaga mümkinçilik berýär. Olara ýylda oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesi gatnaşýarlar we alan bilimlerini nä derejede özleşdirendiklerini görkezýärler. Olarda ýeňiji bolan 7 — 11-nji synp okuwçylary bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Häzir Lebap welaýatynda oglanlar we gyzlar orta mekdepleriň we mekdep-internatlarynyň 385-sinde bilim alýarlar. Olaryň köpüsi halkara internet ders bäsleşiklerine hem gatnaşýarlar hem-de gowy netijeleri görkezýärler.
Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde ders bäsleşikleri geçirildi
