Lebapda Magtymguly Pyraga bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi
Golaýlap gelýän Medeniýet hepdeligi mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar.
«Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy» diýen at bilen geçirilen bu çäräniň dowamynda türkmen edebiýatynyň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi barada täsirli çykyşlar diňlenildi.
Soňra welaýatyň aýdymçylary Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik dünýäsini şöhlelendirýän sergä hem tomaşa etdiler.