JEMGYÝET

«Bagt köşgündäki» dabara Halkara zenanlar gününe bagyşlandy

Welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Çärjew etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren dabarasyna etrabyň öňdebaryjy zenanlary, kümüş saçly eneler we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Dabara bu şanly senä bagyşlanan çykyşlar bilen başlandy. Soňra dabara etrabyň medeniýet öýüniň ussat aýdymçylarynyň mährem eneleri, bagtyýar zenanlary wasp edýän aýdymlaryna utgaşdy. Çärjew etrabynyň Balta Myradow geňeşliginiň Açyl Mürzäýew adyndaky oba medeniýet öýüniň «Gündogar kakuwlary» deprekçiler toparynyň ýerine ýetiren sazlary has-da täsirli boldy. Etrabyň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar we plektrli dutarçylar toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: