Hasyl baýramy mynasybetli sergi guraldy
Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli wagtlaýyn sergi öz işine başlady.
Muzeýiň işgärleri tarapyndan guralan sergide onuň öz gaznasyndan alnan zähmet gurallarynyň gadymy we döwrebap nusgalary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem sergini görnükli çeperçilik eserleri bezeýär.
Welaýat muzeýiniň işgärleriniň «Jeyhun.news»-a habar berşi ýaly, wagtlaýyn sergi öz işini baýramçylyk geçýänçä dowam eder.