Lebap welaýatynyň ýaşlarynyň 8-si Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri boldular  

Her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapynda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda we köpçülikleýin çärelerinde tapawutlanýan mekdep okuwçylarynyň uly toparyna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşurylýar. Baýragyň bu gezekki ýeňijileriniň arasynda Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Selbi Şöhradowa, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Muhametaly Awezow, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň fortepiano hünäriniň okuwçysy Nazar Reýimow, Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» tans topary, Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sabina Kasymjanowa, Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bahar Baýramowa,Halaç etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nurmuhammet Ruslanow, Halaç etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nurana Jumaýewa dagylar bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector