SYÝASAT

Dänew etrabynda Demokratik partiýanyň hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär

Şu günler ilkinji partiýa guramalarynyň 151-sini, agzalaryň 7712-sini özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Demoktarik partiýasynyň Dänew etrap komiteti tarapyndan hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär.

«Arkadagly Serdarymyzyň ösüş-özgerişli nusgawy ýoly bilen» diýen şygar astynda geçirilýän bu ýygnaklarda oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek, partiýa agzalarynyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen jebislikde işlemeklerini we ýurtda bellenilýän baýramçylyklara we şanly senelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlary diňlenilýär.

Şeýle hem partiýa guramasynyň resmi iş kagyzlarynyň ýöredilişi seljerilýär, ilkinji partiýa guramalarynyň täze ýolbaşçy düzümleri saýlanylýar. Ilkinji partiýa guramalarynyň işine baha berlip, anyk teklipler orta atylýar.

Şu güne çenli etrabyň merkezi hassahanasynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda, 1-nji we 43-nji orta mekdeplerde, 25-nji çagalar bagynda geçirilen şeýle mazmundaky ýygnaklar netijeli häsiýete eýe boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: