Hytaý Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we Hökümetiniň alyp barýan syýasatyny goldaýar
Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-a eden döwlet saparynyň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň we Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.
Onda: «Hytaý tarapy Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra döwleti berkarar etmekde we gurmakda gazanan giň gerimli üstünliklerine ýokary baha berýär hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň, Hökümetiniň ýurtda durnuklylygy, depginli ösüşi üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatyny we durmuşa geçirýän çärelerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan ähli maksatlaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirýär” diýliň bellenilýär.
Şonuň ýaly-da, Hytaý tarapynyň Türkmenistanyň özbaşdak saýlanyp alnan ösüş ýoluny hem-de onuň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny berk goldaýandygy hem bellenilýär.