TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň önüm öndürijileri Awazada geçirilen halkara sergä gatnaşdylar

Lebap welaýatynyň önüm öndürijileri şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan gatnaşyjy ýurtlaryň milli önümleriniň sergisine gatnaşdylar.

Çäre Türkmenbaşy halkara deňiz portunda guraldy. Sergide Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi, «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşigi, Saýat we Çärjew etrap alyjylar jemgyýeti, «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti we telekeçileriň birnäçesi öz önümlerini görkezdiler. Köýtendag etrabynda ýygnalan bal hem goýuldy. Bu ýere gelenler Amyderýanyň iki kenaryny etekläp oturan hojalyklarda öndürilýän azyklyk önümleri, olardan taýýarlanylýan tagamlar we gaýtadan işlenen görnüşleri bilen tanyşdylar. Ter önümler bilen bir hatarda miweleriň we gök önümleriň gaplanan görnüşlerine hem uly orun berildi. Sergä gatnaşyjylar olaryň görnüşleri, kärhanalaryň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Mysal üçin, Kerki etrabynda hereket edýän «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýetinde miwelerden şireleriň 19, mürepbeleriň 21 görnüşi öndürilýär. Telekeçileri «Yşgyn» we «Mizan» atlary bilen çykarýan alkogolsyz içgileri hem uly gyzyklanma döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: