JEMGYÝET

Awaza awtobus gatnawy ýola goýlar

Indi Awazada dynç aljak Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin syýahatçylyk zolagynna gitmegiň ýene bir ýoly açyldy. 11-nji iýundan başlap, Aşgabada baran syýahatçylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna çenli awtobusda gidip bilerler.

Çünki şol gün Aşgabat ― Awaza ― Aşgabat aralygynda awtobus gatnawy hereket edip başlar. Awtobus her gün Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden Awaza sary ýola düşer. Ol Aşgabatdan her gün irden sagat 06:00-da ýola düşer. Awazadan Aşgabada bolsa gündiz sagat 13:00-da Ýelkenli köçesiniň ugrundaky awtoduralgadan ugrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: