YLYM WE TEHNIKA

«Apple» hakykaty eşidip bilýär

«Apple» kompaniýasy «Vision Pro» atly goşmaça hakykat eşidiji enjamy hödürledi. Baş direktor Tim Kukyň pikiriçe, enjam wirtual dünýäni hakyky dünýä bilen «üznüksiz» baglanyşdyrýan täze kompýuter görnüşidir.

Daşardan seredeniňde, «Vision Pro» kompýuter, displeýler, kameralar ýerleşdirilen alýumin daşly, gapdaly bagly çümmek maska meňzeýär. 3D interfeýsi gözler, eller we ses bilen dolandyrylýar.

― Bu jady ýaly. «Vision Pro» bilen aragatnaşykda bolan ýagdaýda, hakykaty doly görüp bilýäniňiz üçin siz hakyky dünýäde beýlekiler bilen aragatnaşyk saklamagyňyzy dowam etdirersiňiz ― diýip, «RIA Nowosti» kompaniýanyň sözlerine salgylanýar.

Ýakynda Amerikanyň «Apple» kompaniýasy täze «MacBook Air» noutbukyny, «Mac Pro» iş stoly kompýuterini we ykjam «Mac Study»-ni hem hödürledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: