SPORT WE SYÝAHAT

Aly Geldiýew we ýoldaşlary ikinji ýeňşini gazandylar

Türkmenabatly tennisçi Aly Geldiýew we onuň topardaşlary 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ikinji gününi hem ýeňşe beslediler.

Türkmenistanly oglanjyklar ýaryşyň ikinji gününde Owganystanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar. Birinji duşuşykda Süleýman Hudaýberdiýew Muzammil Aýubini 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňensoň, owgan tarapy ýaryşdan çekildi. Eminler ýeňşi Türkmenistanyň ýygyndysyna berdiler.

Sebitleýin ýaryşa jemi alty ýygyndynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ilkinji iki günde Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýetinjeklerinden üstün çykan türkmen türgenleri indi Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen güýç synanyşarlar.

Merkezi Aziýanyň çempionaty üçin Türkmenistanyň ýygyndysyna Lebap welaýatyndan diňe Aly Geldiýew çagyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: