YKDYSADYÝET

«Garabogazkarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwaty artdyrylar

Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki «Garabogazkarbamid» zawodynda şu ýylyň başyndan bäri 888 müň 700 tonna karbamid döküni öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Ýokary hil derejesine laýyk öndürilen önümiň daşarky bazarlarda uly isleg bilen satyn alynýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümlerine islegiň barha artmagy bilen toplumyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: