JEMGYÝET

«Belet Film» IPTV ulanyjylara 10 müň film hödürleýär

2021-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, «Belet Film« hyzmaty IPTV ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Bu barada «Belet Film» hyzmatynyň saýtynda habar berilýär, diýip «business.com.tm» ýazýar.

Bu hyzmat ozal diňe «Türkmentelekom» kärhanasynyň abonentleri üçin elýeterdi.

IPTV ulanyjylar AŞTU kärhanasynyň bölümlerinde bu hyzmaty birikdirip bilerler. Bu hyzmata birikmek üçin programmany gurnamak mümkinçiligi bolan «Android» telewizorlaryň ýa-da «Android» enjamlaryň (wersiýasy Android 5.1 ýa-da ýokary) bolmagy zerurdyr.

Hyzmat «Android» we iOS platformalarynda hem elýeterlidir. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan. Şeýle hem, müşderiler halan filmlerini we seriallaryny mobil enjamlara ýükläp alyp bilerler.

«Belet Film» platformasy 10 müňe golaý filmlerdir-seriallary hem-de multfilmleri özünde jemleýär. Platfroma her gün täze kontentler bilen doldurylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: