JEMGYÝET

Sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edildi

 Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guramagynda Darganata, Dänew, Farap we Çärjew etraplarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreler geçirildi.

Olara etraplaryň çäklerinde ýerleşýän harby bölümleriň serkerdeleri we esgerleri gatnaşdylar. Çärelerde çilimiň, nasyň, spirtli içgileriň we neşe serişdeleriniň ynsanyň saglygyna ýetirýän zyýany barada gürrüň etdiler we ýaramaz endiklere baş goşan adamlarda duş gelýän keseller barada maglumatlary getirdiler. Şonuň ýaly-da, sagdyn durmuş ýörelgeleriň, aýratyn hem, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň peýdasyna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler. Welaýatda sport bilen meşgullanyp, halkara derejelerinde üstünlik gazanýan türgenler, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barýan adamlar barada gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: