JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň hereket ediş möhletleri uzaldyldy  

Dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolup ýören ýa-da hemişelik ýaşaýan türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldyldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

 Resminamada şeýle karara daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, gelnendigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: