BILIM

Aşgabatdaky ýokary okuw jaýy halkara internet olimpiadasyny geçirer

15-nji martda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda «Materiallaryň garşylyga göreşmek ukyby» dersi boýunda II Halkara internet olimpiadasy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndan talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen, rus we iňlis dilleri olimpiadanyň iş dilleri bolarlar. Talyplara 6 ýumuş beriler. Olar çözmek üçin 120 minut (2 sagadyň) wagt beriler.

Ýeňijilere we tapawutlanan talyplara degişli derejeli diplomlary gowşurarlar. Olimpiadadyň ýumuşlaryny adaty däl usul bilen çözen talyplara Ýörite diplomlar garaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: