BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda açyk gapylar güni geçiriler

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda sagat 15.00-da 2021—2022-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» günlerini geçirýär.
Şol günler ýaşlara institutda alnyp barylýan işler, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.
Institutyň salgysy: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.
Institut baradaky maglumatlar bilen okuw jaýynyň www.tdmugi.edu.tm web saýtynda tanşyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply