Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň talyplary Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşarlar

Nov 11, 2021

12 – 14-nji noýabrda Katowisiň (Polşa) Silez uniwersiteti we Polşa matematika jemgyýetiniň ýokarky Silez bölümi tarapyndan guraljak matematika boýunça halkara toparlaýyn talyplar olimpiadasyna türkmenistanly talyplar gatnaşarlar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Matematika olimpiadasy her ýyl «öz meýdançasynda» dürli ýurtlaryň: Polşanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň, Çehiýanyň we beýleki ýurtlaryň bilermenler toparlaryny bir ýere jemleýär. Türkmenistanyň wekilleri birnäçe ýyl bäri onda üstünlikli çykyş edýärler.

Olimpiada gatnaşýanlara algebra we kombinatorika, matematiki derňew (topologiýa we köplük nazaryýeti bilen), funksional deňlemeler (differensial deňlemeleri goşmak bilen), geometriýa we çyzgyly algebra, ölçeg nazaryýeti we ähtimallyk nazaryýeti boýunça meseleleri çözmek teklip ediler.

Talyplar bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Adblock
detector