YKDYSADYÝET

«Ak toprak» hususy kärhanasy öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär

«Ak toprak» hususy kärhanasy 200 tonnadan gowrak şöhlady we şöhlat önümlerini daşary ýurtlara ibermegi göz öňünde tutýar.

Munuň üçin önümçiligi artdyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu ýerde «Bolelin», «Teýli» we «Ararat» söwda nyşanlary bilen şöhladyň we şöhlat  önümleriniň 100-den gowragy çykarylýar.

«Ak toprak» öz önümleri bilen döwlet eýeçiligindäki we hususy söwda nokatlaryny üpjün edýär. Munuň üçin kärhananyň sowadyjyly maşynlary bar. Hususy kärhana özüniň harytlaryny satýan dükanlary witrina sowadyjylary bilen hem üpjün edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: