JEMGYÝET

 Aşgabatda «Lebap Handmade Exports» sergisi geçiriler

30-njy sentýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Lebap Handmade Exports» atly işewürligi ösdürmek taslamasyna (biznes inkubator) gatnaşyjylaryň el işleri görkeziler. Ony görmäge gelenler eminler topary bilen bilelikde iň gowy eksport ugurly milli önümleri saýlamaga ýardam edip bilerler.

Sergide el bilen döredilen dürli işler – keramika, bezeg şaý-sep, tikinçilik we başga-da köp sanly işler görkeziler. Oňa gatnaşyjylar öz alyp barýan işleri boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, USAID we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary tarapyndan guralýar.

Şekillendiriş sungaty muzeýinde guraljak çäre 30-njy sentýabrda, sagat 10:00-da açylyp, giriş tölegsizdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: