JEMGYÝET

Bagbançylyga teşne bolan mugallym

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Sapar Rejebow esasy işinden daşary ýarym asyrdan bäri bagbançylyk bilen meşgullanýar.

Institutyň sport klubynyň ýanaşyk meýdançasyndaky gülli meýdan hem hut halypa mugallymyň yhlasy we zähmeti bilen döredildi. Bark urup, hoşboý ysyny seçip oturan gyzyl-elwan güller daş-töweregine diňe bir şatlyk paýlaman, eýsem, şeýle bir owadan görnüş hem berip dur.

Instituta sowulýan ýoluň ýanýodasyndan ýöräp barýan, gelşikli geýnen talyp ýaşlar bu owadan gülleriň görküne görk goşýarlar. Belki-de, güller ýaşlygyň görküne görk goşýarlar, bagtyýar durmuşyň waspyny ýetirýärler. Gülleriň ruhubelentlik eçilýändigini, şatlyk paýlaýandygyny bilýänler bu pikirleriň ählisi bilen hem ylalaşsalar gerek.

Sapar mugallym mydama gözlegde. Gezelenje barýan ýerlerinde seýrek duş gelýän gülleriň, dürli bezeg daragtlarynyň tohumlaryny edinýär. Iki ýyl mundan ozal Gruziýada gezelençde bolup gelende, owadan daragtlaryň, gülleriň tohumlaryny getirip, ösdürdi. Ýetişdiren nahallaryny isleg bildirenlere paýlady. Gum eteginde dörän Azatlyk şäherçesindäki 7-nji sport mekdebinde işlän ýyllarynda hem mekdebiň daş-töweregini bagy-bossanlyga büräp, ol iňňän sogaply iş etdi. Bu ýerde häzirki wagtda bezeg daragtlarynyň müňlerçe düýbi görk berýär. Şol daragtlaryň birnäçesi institutyň talyplar sport klubunyň daş-töweregine hem görk berýär. Sport klubunyň öňünden geçýän ýola gelşik berip ösýän gülleriň tohumyny hem ol şeýle gezelençleriň birinde getiripdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: