JEMGYÝET

Türkmenistanyň öňde baryjy halyçylaryna hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň ussat halyçylarynyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň wekilleri hem bar.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Agabeg Amanowna Hudaýberenowa, Gülnara Çaryýewna Rezwanowa, Dünýägözel Rejepgulyýewna Ýalkapowa, Aknabat Çarýardurdyýewna Mahramowa, Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa dagylar bu ada mynasyp boldular.

Permanda bu adyň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli» dakylýandygy bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: