SPORT WE SYÝAHAT

Aşgabatda karate-do boýunça şäheriň çempionaty geçirildi

Aşgabadyň ýetginjek olimpiadaçylary taýýarlaýan Mekdebinde karate-donyň iki görnüşi — kumite (tutluşyk) we kata (toplumlaýyn maşklar) boýunça 2022-nji ýylyň çempionaty geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň karate-do Federasiýasy we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi guradylar, diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.

Turnire 8 ýaşdan 24 ýaşa çenli 241 türgen gatnaşdy. Paýtagtyň «Hemra» klubynyň karateçileri 29 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. «Seýitli» klubynyň türgenleri 24 medal bilen ikinji orny eýelediler. «Asman» klubynyň karateçileri bolsa 7 medal bilen toparlaýyn hasap boýunça üçünji orny gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: