SPORT WE SYÝAHAT

Köýtendagly türgen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda çärýekfinala çykdy

Köýtendag etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň kuraş boýunça tälimçisi Sanjar Abryrahmanow şu gün Aşgabat şäherinde başlanan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda ajaýyp üstünlik gazandy. 90 kilograma çenli agram derejesinde hindistanly Ýaş Kumar Çauhan bilen tutluşan ildeşimiz ýeňiş gazanyp, adyny çärýekfinala ýazdyrmagy başardy.

Çempionatyň ilkinji gününde türkmenistanly türgenlerden Aýşirin Haýdarowa bilen Ruslan Esgerowyň hem ýeňiş gazanyp, atlaryny indiki tapgyrlara ýazdyrandyklaryny ýatladýarys.

Çempionatyň tutluşyklary günüň ikinji ýarymynda dowam eder. Agşam bolsa agram derejeleriniň sekizi boýunça medallaryň eýeleri belli bolar. Häzire çenli Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Aýşirin Haýdarowa bilen Ruslan Esgerow azyndan bürünç medal gazanmak mümkinçiligini kepillendirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: