SPORT WE SYÝAHAT

Rahym Atabaýew MMA turniriniň birinji raundynda garşydaşyny ýeňdi

Belorus döwlet uniwersitetiniň ýuridiki fakultetiniň 2-nji kurs talyby — türkmenistanly Rahym Atabaýew 22-nji maýda MMA — BFC Contender Series: Atletik ýaryşynda ýeke-täk göreşiň garyşyk görnüşi boýunça çykyş etdi, diýip «centralasia.news» habar berýär. Eýýäm birinji raundyň 23-nji sekundynda ol garşydaşy, 23 ýaşly Timur Alekseýewi bir urugda nokauta iberdi.
Ýaryş Minskide ýumruklaşma we ýeke-täk söweşiň Belorus federasiýasynyň başlangyjy bilen geçirildi. Raundyň başyndan Aşgabadyň birinji sport mekdebinde tälim alan Rahym hüjümi ussatlarça yzyna gaýtaryp we urgulardan goranyp, özüni ynamly alyp bardy. Ol ýarym ýeňil agramda (61-den 66 kilograma çenli) çykyş etdi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply