SYÝASAT

Aşgabatda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada Permana gol çekdi.

Resminamada maslahatyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 801-nji maddasyna laýyklykda» y bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: