SYÝASAT

Türkmenistanda saýlawçylaryň seslerini sanamaga girişdiler

Sagat 19-da Türkmenistanda ähli saýlaw uçastoklary ýapyldy we saýlawçylarynyň seslerini sanamaga girişildi. Şu wagta çenli Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň 97,13%-i ses berdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň berýän maglumatlaryna görä, ýurt boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi.

Bu görkeziji welaýatlar boýunça şeýle: Ahal welaýatynda — 97,68%, Balkan welaýatynda — 97,29%, Daşoguz welaýatynda — 96,80%, Lebap welaýatynda — 97,13%, Mary welaýatynda — 96,97%, Aşgabat şäherinde — 97,51% ses berdiler.

Şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň 90,93%-iniň ses berendigi habar berilýär.

Şeýle hem, daşary ýurtlardaky käbir saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň dowam edýändigi hem aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: