JEMGYÝET

Türkmenabadyň Halkara howa menzili habar berdi…

Türkmenabadyň Halkara howa menzili welaýat neşirinde çap edilen bildiriş arkaly «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlap Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat ugry boýunça halkara ýolagçy gatnawlarynyň ýerine ýetirilip başlaýandygyny habar berdi.

Bu ugur boýunça awiabilet satyn almak isleýän Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Halkara howa menziliniň Türkmenabat şäheriniň Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän binasyna baryp bilerler.

Bildirişde gyzyklanma bildirýän adamlaryň +993(422) 9-46-00; 9-46-47 belgili telefonlara jaň edip biljekdigi hem görkezilýär. Menziliň resmi web saty: tia.gov.tm

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: