JEMGYÝET

Dänewli bagbanlara BMGÖM-niň taslamasy boýunça miweli agaçlaryň nahallarynyň 3140-sy paýlanyldy

Olary paýlamazdan ozal, taslamanyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde ýerleşýän agro maglumatlar merkezinde «Nahallary oturtmagyň düzgünleri we ýaş baglara ideg etmek boýunça maslahatlar» diýen temada praktiki okuw geçirildi.

Oňa Lebap welaýat we Dänew etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň wekilleri we dänewli bagbanlar gatnaşdylar.

Okuwyň dowamynda Lebap «Agrohimlaboratoriýanyň» hünärmeni Ahmet Artykow miweli agaçlary oturmak üçin ýerleri taýýarlamagyň we olary oturtmagyň döwürleri barada giňişleýin durup geçdi. Ol agaç nahallaryny oturtmagyň çyzgysyny görkezdi we olaryň arasynda ekip boljak medeni ekinler barada maslahatlary berdi. Nahallary sowuk howadan goramak hakynda hem aýratyn aýdyldy. Şonuň ýaly-da, olaryň oturdyljak ýerlerindäki topraga edilýän talaplar, suwarmagyň usullary hakynda hem aýdyldy. Praktiki okuwyň soňunda ýörite taýýarlanan ýerde miweli agaçlary oturtmagyň usulyny görkezdiler.

Miweli agaçlaryň nahallaryny «Türkmenistanyň guraksy sebitlerinde oba hojalyk jemagatlarynyň howa ýagdaýyna durnukly ykdysady işini goldamak» atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de USAID-iň maliýe goldawy bilen Samarkantdan (Özbegistan) satyn aldylar. Olary satyn almazdan ozal ýerli bagbanlaryň pikirleri we islegleri öwrenildi. Netijede goňşy ýurtdan uzyn boýly we karlik görnüşli alma, armyt, beýi, gara garaly, erik, şetdaly, ülje we çereşnýa agaçlarynyň nahallary getirildi. Olar yssy we guraksy howa şertlerine uýgunlaşan hem-de ýokary hasyl berýän görnüşleridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: