«Wepa-Sapa» plastmassa önümlerini öndürýär
Işini Türkmenabat şäherinde alyp barýan «Wepa-Sapa» hususy kärhanasynda şu ýylyň geçen ýanwar-fewral aýlarynda öý hojalygynda zerur bolan dürli görnüşli plastmassa önümleriniň 6 tonnasy öndürildi.
Bu bolsa 133 müň manatlykdan gowrak iş edilendigini aňladýar.
Geçen ýylda bolsa kärhanada öndürilen önümiň bahasy 1 million 108 müň manatdan geçdi. Ýagny, önümiň 67 tonnasy öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugradyldy.