JEMGYÝET

«Aşgabat — Minsk» ugry boýunça howa gatnawlaryny dikeltmek meýilleşdirilýär

Belorus Respublikasynyň Minsk şäheriniň milli aeroportunyň saýtynda ýerleşdirilen rejesinde tomusky möwsümde Türkmenistan bilen Belorusyň paýtagtlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň ýerine ýetirilmegi meýilleşdiripdir. Bu barada «atavatan-turkmenistan.com» habar berýär.

Rejede 9-njy aprelden «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan «Aşgabat — Minsk» ugry boýunça hepdede bir gezek, şenbe günleri uçar gatnawlaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýändigi barada maglumat ýerleşdirilen.

Şeýle hem, 19-njy aprelden Belorusyň «Belawia» awiakompaniýasynyň şol ugur boýunça hepdede bir gezek (sişenbe günleri) uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýandygy hem görkezilen.

Belorusyň awiakompaniýasynyň metbugat gullugy häzirki döwürde halkara uçar gatnawlary bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň üýtgäp durýandygy sebäpli täze möwsümdäki uçar tertipnamasynyň hem üýtgäp biljekdigini belleýär.

IATA halkara kadalaryna laýyklykda, uçar gatnawlarynda tomusky möwsüm mart aýynyň ahyrynda başlanýar we oktýabr aýynyň soňky şenbe gününde tamamlanýar. 2022-nji ýylda bu günler 27-nji mart bilen 29-njy oktýabr aralygyny gurşap alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: