JEMGYÝET

Aprelde Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar gullukdan boşadylyp başlanar  

Aprel — iýun aýlarynda Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylyp başlanar. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bu barada Permana gol çekdi.

Şol bir wagtyň özünde çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny harby gulluga çagyryp başlarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Buýrugy bilen degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmegi, şonuň ýaly-da söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: