JEMGYÝET

Türkmenistanda ýuridiki şahslar ulag serişdeleriniň hökmany döwlet tehniki barlagyny olaryň ýerleşýän ýerinde geçirip bilerler

Bu barada Türkmenistanda ulag serişdeleriniň hökmany döwlet tehniki barlagyny geçirmegiň Tertibine Içeri işler ministriniň buýrugy bilen degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Ol Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige alyndy.

Oňa laýyklykda, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda ýuridik şahslaryň ýolbaşçylarynyň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna ýüz tutmasynyň esasynda tehniki barlagyň ulag serişdeleriniň ýerleşýän ýerinde hem geçirilip bilinýändigi bellenilýär. Tertibe şunuň bilen baglanyşykly başga-da üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Bu düýp edaralary ýerleşýän ýerinden uzakdaky şahamçalaryň, uzak wagtlap işini beýleki welaýatlarda alyp barýan edaralaryň we kärhanalaryň ulag serişdelerini hökmany tehniki gözegçilikden geçirmek üçin amatlydyr.

Buýrukda barlagyň netijelerini resmileşdirmegiň düzgünleri hem görkezilen.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: