Farap şäher kitaphanasynda türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi guraldy
Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda guralan sergi Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlandy. «Türkmen ojagynyň wepaly dosty» atly kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Türkmen alabaýy» we beýleki eserleri goýuldy. Sergä gelýänler olar bilen üç: türkmen, rus we iňlis dillerinde tanyşyp bilýärler.
Kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular. Olar kitaplaryň mazmuny bilen tanyşdyryldy, şonuň ýaly-da özlerini gyzyklandyrýan soraglar jogap aldylar. Şu günler birinji çärýegi üstünliki tamamlan orta mekdepleriň okuwçylary hem sergä gelýärler we türkmen alabaýy baradaky maglumatlar bilen tanyşýarlar.