JEMGYÝET

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýynyň adam başyna düşýän meýdany 25,6 inedördül metre ýetiriler

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli ýaşaýyş jaýynyň adam başyna düşýän meýdany 25,6 inedördül metre ýetiriler. Bu kada «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen.

Maksatnamada görkezilenleri ýerine ýetirmek üçin Lebap welaýatynda hem ýaşaýyş jaýlarynyň ummasyz möçberini gurmak göz öňünde tutulýar. Has takygy, maksatnamada görkezilen döwrüň dowamynda welaýatda umumy meýdany 262,4 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar. Ony durmuş geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: