JEMGYÝET

Amyderýa tebigy döwlet goraghanasynda okuw geçirildi

Amyderýa tebigy döwlet goraghanasynda ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Oňa goraghananyň işgärleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Şeýle-de, Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek barada öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça edilmeli işler seljerildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar goraghananyň çägindäki tokaý zolaklarynda oturdylan enjamlar arkaly edilen wideoýazgylara tomaşa etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: