BIZE YAZYARLAR

Türkmen sungatynyň jöwherdar kompozitory.

Buýsançdan doly bagtly we eşretli durmuşyň her bir güni döredijilik adamyň  aňyna we ruhy dünýäsine edýän täsiri, ylham çeşmesiniň baş açary bolup durýar. Halkyň Arkadagly zamanynda döwrümiziň batly ösüş-özgerişlerini aýdym-sazlarymyzda belentden belent wasp edýän kompozitor Meret Ataýewiç Annamyradowyň bu ýyl 60 ýaşy dolýar.

Türkmen saz sungatyny professional derejä çykaran ýaşuly nesliň wekilleriniň şöhratly saz däplerini dowam edýän kompozitor M.Annamyradow Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden ençeme sazlary bilen meşhurlyk gazanýar. Ol Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymydyr.

 Zehinli kompozitor Meret Annamyradow Garaşsyzlyk ýyllarynda professional aýdym-saz sungatymyzyň döwrebap ösmegine saldamly goşant goşýar. Onuň döredijiliginde dürli žanrlarda döredilen eserleriň ençemesi bar.

 M. Annamyradow 1962-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde gullukçylar maşgalasynda dünýä inýär. Ýaşlykdan dirižýor bolmagy arzuw edýän gelejekki kompozitor orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlap, Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine horuň dirižýorlygy hünärine, mugallym A.Haliulinanyň synpyna okuwa girýär. Emma şol ýyllarda halypa kompozitorlar Aşyr Kulyýew, Çary Nurymow ýaş kompozitoryň bilim derejesine ýokary baha berip, kompozisiýa ugrunda zehin başarnygyny synanyşmagyna maslahat berýärler.

Saz dünýäsine gaplanan, çar ýandan owaz gözläp ajap äleme bütinleý siňýän ýaş kompozitoryň türkmen professional sazynyň ägirdi Nury Halmämmedow bilen ýakyndan gatnaşyp başlamagy, döredijiliginiň täze sahypasynyň başlanandygyny mälim edýär. Häli-şindi kompozitor halypasyny uly buýsanç bilen ýatlap,  türkmen saz sungatyny sarsdyran şahsyýetden tälim alanlygyny özüne uly bagt hasap edýär. Bu dostluk uzak ýyllara dowam edip, N. Halmämmedow özüniň döredijilik  usullaryny, orkestr saz gurallarynyň inçe tilsimlerini ulanmagyň syrlaryny M. Annamyradowa ezberlik bilen öwredipdir. Şol ýyllarda jöwherdar kompozitoryň “Ýodajyk” atly fortepiano üçin pýesa, skripka we fortepiano üçin fantaziýa ýaly ilkinji eserleri döräp başlaýar. Halypasynyň ýagty ýadygärligine bagyşlap döreden fortepiano üçin “Tokkata” atly eseri professional sungatymyzyň hazynasyny baýlaşdyrdy. Fortepiano sazynda dutaryň labyzyny görkezmegiň usullarynyň häsiýetli alamatlary örän aýdyň ýüze çykarylyp, N. Halmämmedowyň meşhur “Dutaryň owazy” eseriniň däpleri yzarlanylýar. Awtoryň baş ylham çeşmesi milli folklor we halk sazlarynyň heňleridir.  

 1985-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutyna (häzirki wagtda Türkmen milli konserwatoriýasy) kompozitorçylyk hünärine okuwa girýär. Türkmensitanyň halk artisti professor Rejep Allaýarowyň synpynda okan ýyllary häzirki zaman çeperçilik tejribesine gyzyklanma, höwes döreýär hem-de iş ýüzüne geçirmek üçin täze, has erkin usul arkaly çemeleşmäni ýola goýýar. Muňa mysal hökmünde 2000-nji ýylda döreden “Ýaşlyk” simfoniýasy bolup, eserde R. Allaýarowyň, D. Hydyrowyň, S. Muhadowyň – akanonik simfoniýalarynyň däpleri dowam edilýär.

Meret Annamyradowyň döredijilik galamy Garaşsyzlyk ýyllarynda hasam ýitileşýär. Bu döwrüň ruhunda ýazan “Beýik Galkynyş joşguny” eserinde bedew bady bilen öňe barýan agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzy gülletmekdäki çekýän joşgunly zähmeti dürli saz gurallaryndan çykýan owazlar arkaly beýan edilýär. Simfoniki eserleri bilen bir hatarda, M. Annamyradowyň gursagynda dörän owazlary kinofilmleriň saz parçalarynda hem aýdyň beýanyny tapdy. Ýürekde irkilen ylhamy oýarýan “Keremli söz”, “Haly rowaýaty”, “Mollanepes”, “Magtymguly”, “Türkmen köli”  ýaly kinofilmleriň sazlarynyň ençemesi onuň galamyna degişlidir.

           Kompozitor nusgawy hem-de häzirki zaman şahyrlarynyň goşgy setirleriniň reňkinden çykýan seýrana heňleri kamera-wokal döredijiliginiň mazmunyny baýlaşdyrýar.

     Häzirki wagtda kompozitor Meret Annamyradow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa we gurallama kafedrasynda ýokary derejeli sazandalary we gelejekki kompozitorlary taýýarlaýar.

Seýitkulyýewa Aziza

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: