JEMGYÝET

Gelinlik toýunyň yza süýşürilmezliginiň öňüni almak üçin özüne koronawirus ýokuşdyrjak boldy

Melburnda (Awstraliýa) gelinlik toýunyň yza süýşürilmeginden ýa-da ýatyrylmagyndan ätiýaç edip, toýdan öň özüne «COVID-19» ýokuşdyryp, keselläp dynmagy ýüregine düwdi. Bu barada «Daily Mail» makala çap etdi diýip, «lenta.ru» ýazýar.

Gyz fewralda durmuşa çykýandygyny aýtdy. Baýramçylygyň öň ýanynda ony ýeke-täk zat gaýga batyrýar eken. Olam, toýuň öň ýanynda koronawirus bilen kesellemek. Ol özüniň pikirini amala aşyrmak üçin bara barypdyr, nätanyş adamlar bilen gujaklaşypdyr, beýlekileriň stakanyndan içgi içipdir.

Epidemiolog Ketrin Bennett awstraliýaly zenany goldamady. Gaýtam, ol oňa adamlaryň köp üýşýän ýerinden daşda durmagy we özüni howpa salmazlygy maslahat berdi. Lukman oňa infeksiýa ýokan ýagdaýynda, keseli ýeňil geçirer ýaly, sanjym almagy maslahat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: