JEMGYÝET

Lebaply sürüjileriň arasynda bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bilelikde yglan eden «Döwrüm — bagtyýar, ýolum — ygtybar» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň iň ezber sürüjileri gatnaşdylar.

Awtoulaglar we ýol hojalygy işgärlerini öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaklyga ugrukdyrmak, olaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, bellenen sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny dabaralandyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşigiň dowamynda awtobuslaryň, ýeňil, ýük awtoulaglarynyň sürüjileri ulaglaryň gurluşy, oňa hyzmat edilişi we ýol hereketiniň düzgünleri, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermek ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça sürüjiler Azat Rahmedow, Azat Hudaýkulyýew we Sattar Soltanow bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: