JEMGYÝET

Amyderýa goraghanasyndaky ylmy gözlegler netije berýär

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan «Döwlet goraghanalarynyň ekoulgamyny dikeltmekligiň we gorap saklamaklygyň ylmy esaslary» atly mowzuk boýunça ylmy gözlegler alnyp barylýar.

Şeýle hem alymlar bu ýerde 2021-nji ýyldan bäri «Amyderýanyň orta akymynyň kenarýaka tokaýlaryna daşky faktorlaryň täsirlerini öwrenmek» atly bäşýyllyk işi özleşdirýärler.

Bu aýdylanlara Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen bilelikde «Köpsanly bähbitler üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we aýratyn ähmiýetli ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleri hem goşup bileris.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: