JEMGYÝET

Türkmen obalaryny wasp etmek boýunça döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Lebap welaýatynyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşaýjylary «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.

Düzgünnamada bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler oba durmuşy, obanyň taryhy, onda uly yz goýan belli şahsyýetler hakynda-da ýazyp bilerler. Eserler oba medeniýet öýleri, milli gymmatlyklary aýratyn sarpalaýan adamlaryň öý muzeýleri, uzak ýaşly ýaşaýjylar barada hem bolup biler. Täze döwrüň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan daýhan hojalyklary, öňdebaryjy daýhan birleşikleri, tejribeli daýhanlar, şol sanda ussat bagbanlardyr pileçiler baradaky makalalar hem bäsleşige kabul ediler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnyp, dekabr aýynyň soňky ongünlüginde jemlener.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: