MEDENIÝET

Lebaply talyp we mugallym Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragyna mynasyp boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimleri we matematika fakultetiniň bäşinji ýyl talyby Göwher Şükürowa, Halaç etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, ýeňil atletika boýunça sport ussady Gutly Durdyýew Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragy bilen sylaglanyldy.
Baýraklar Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli geçen dabarada gowşuryldy. Olara medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan ýaşlaryň köpsanlysyny mynasyp boldular.Baýrak alanlaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.
Baýrak alanlara degişli güwänamalar bilen bir hatarda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «Tolkun» smart-telewizorlary hem sowgat gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply