«Türkmen keşdeçilik sungaty» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
«Türkmen keşdeçilik sungaty» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle netijä ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde 1-nji dekabrda geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde gelindi. Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» bu sanawa goşmak tarapyndan hödürlenilipdi. Bu teklip biragyzdan goldanyldy.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.