YLYM WE TEHNIKA

Işgär gider, tejribesi galar

Ýaponiýanyň «Hitachi» kompaniýasy işe täze gelen ýaş hünärmenleriň ozalky gazanylan tejribeleri tiz wagtda özleşdirmeklerine ýardam berýän emeli intellekti taýýarlamagyň üstünde iş alyp barýar. Bu intellekt degişli kärde işlän we pensiýa giden tejribeli işgäriň bilimlerini «alyp galyp», gazanylan tejribeleri ýaş işgäre öwreder.

Bellenişi ýaly, köp ýyllap işlän işgäriň gazanan tejribelerini ýörite çeşmede saklamak mümkin däl. Şonuň üçin-de, bu gymmatly tejribeleri saklamak we ony geljek işgärlere öwretmek üçin emeli intellekt ulanylar. Emeli intellekt töwekgelçilikli ýa-da dartgynly iş şertlerinde ozalky işgäriň baş alyp çykmak boýunça toplan tejribesini ýygnar we öwretmek üçin ýatda saklar. «Hitachi» kompaniýasy şu usulda täze gele işgärlere iş ugurlaryny ýokary derejede ele almaklary üçin taýýarlamagy maksat edinýär. Şunda ýaş hünärmene iş tejribeligi öwredilende emeli ýagdaýda dürli töwekgelçilikli ýagdaýlar dörediler.

«Hitachi» kompaniýasy şeýle hem, «ChatGPT» ulgamyna meňzeş, tekst görnüşli emeli intellekti taýýarlamagyň üstünde iş alyp barýar. Bu intellekt öz gezeginde, özüniň maglumatlar binýady arkaly döräp biljek töwekgelçilikli ýagdaýda nähili ýüz tutmalydygyny, maglumatlar bilen nähili işlemelidigini öwreder.

Emeli intellekti döretmäge ukyply generator geçen ýyldan başlap meşhurlyga eýe bolup başlapdy. Onuň ilkinji görnüşleri arkaly tekstleri, suratlary döredip bolýar. Soňky döwürde emeli intellekt dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: